Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medisina işgäri: “Aýal prezident häzirkiden gowy bolar”


Jynsy aýratynlyk barasynda esasy kanunda hiç zat aýdylmaýar.
Jynsy aýratynlyk barasynda esasy kanunda hiç zat aýdylmaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň prezidentligine dalaş etmek hem bu ýokary wezipäni eýelemek üçin birnäçe şert goýýar. Şolaryň arasynda milletiniň türkmen bolmagy, 15 ýyl yzygiderli ýurtda ýaşamagy, işleýän ýerinde abraýdan peýdalanýan adam bolmagy ýaly şertler bar. Emma jynsy aýratynlyk barasynda esasy kanunda hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna 15 kandidat hödürlenip, şolaryň sekizisini Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy dalaşgär hökmünde resmileşdirdi hem olara kandidatyň şahadatnamasyny gowşuryp, agitasiýa işlerine başlamaga ýol açdy. Ýöne şol 15 adamyň arasynda ýekeje-de aýal maşgala ýok. Näme üçin?

Bu soraga ýakynda Türkmenistandan daşary ýurda çykan medisina işgäri Natalýa Rüstemowa şeýle jogap berdi.

Natalýa Rüstemowa: Birinjiden, meniň pikirmçe, Türkmenistan musulman ýurt. Soňky döwürde musulmançylyk ösýär, onda-da erbet tarapa ösýär diýip hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Duruň, duruň! Bu meselede siz bilen jedel edip bolar. Türkmenistanyň taryhyna syn etsek, iliň öňüne çykan aýallaram, ata çykan aýallaram bolupdyr, muňa Güljemal hany mysal getirip bileris.

Natalýa Rüstemowa: Türkmenistanda her bir aýalyň saýlawlara gatnaşmaga, prezidentlige dalaşgär bolmaga kanun boýunça hukugy bar. Ýöne türkmen jemgyýetinde erkekler, adatda bolşy ýaly, egoistler, diňe özüni bilýän, öz diýenini mamla saýýan adamlar. Olar özlerini aýallardan ýokary tutýarlar. Aýallardan pikir soraýanam ýok.

Azatlyk Radiosy: Aýallardan kandidat hödürlenmezliginiň ýene nähili sebäpleri bolmagy mümkin, siziň pikiriňzçe?

Natalýa Rüstemowa: Türkmenistanyň syýasy durmuşynda aýallaryň aktiwligi pes, umuman, halkam passiw. Adamlar şu günki güni bilen ýaşaýarlar. Olar ertir çagalaryna berjek bir döwüm çöregini tapmagyň aladasynda. Bilşimiz ýaly, türkmen maşgalalary köpçagaly. Aýal görgüliler çagalaryny iýdirip-geýdirmek, başgalardan kem etmezlik bilen başagaý. Şonuň üçin zenanlarda syýasat bilen gyzyklanmaga wagtam, höwesem ýok. Ine, şu sebäplere görä, aýallar syýasata goşulmaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Nataşa, bu meselede siz bilen ýene jedele girmek bolar. Alyp göreli, Türkmenistanyň Mejlisini – onuň başlygy Akja Nurberdiýewa, hökümetiň düzümine syn etsek, Maýsa Ýazmuhammedowa wise-premýeriň kürsüsinde otyr. Nyýazow döwründe-de wise-premýer, Merkezi bankyň başlygy, ministr, Baş prokuror ýaly wezipelerde aýallar işläpdi.

Natalýa Rüstemowa: Häzir aýallar haýsy wezipä bellense bellenibersin, olar prezident Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynda uly bir rol oýnaýandyr öýdemok. Olar uly wezipelerde aýallaram bar diýdirmek üçin bellenýärler. Ýokary wezipä geçmegiň ýollary barada aýdyp oturmaýyn. Ol şahsy wepalylyk, tanyşlyk ýa garyndaşlyk, belki, seýregem bolsa, professional derejesiniň ýokarylygy, iş başarjaňlygy, belki-de, daşky gözelligi we ş.m. esasy çelgiler häzirki Türkmenistanda. Ýöne aýallaryň haýsydyr bir uly wizpäni eýelemegi olaryň gowy syýasatçydygyny aňlatmaýar. Olar buýrulanyny edýärler.

Azatlyk Radiosy: Şeýle bir sorag beresim gelýär: siz Türkmenistanda köp ýyllap ýaşan, okap bilim alan, işlän adam. Ýurtda prezidentlige dalaşgär bolar ýaly ýa-da prezident saýlanyp, ýurdy dolandyrar ýaly aýallar barmy?

Natalýa Rüstemowa: Men aýal hökmünde şuny aýdyp bilerin. Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Uinston Çerçill: “Islendik aşpez aýal ýurdy dolandyryp biler” diýipdi. Men bu aýdylany hakykat hasap edýärin. Sebäbi her bir aýal, ene öz maşgala ojagyny saklaýjy, onuň sütüni, goragçysy hem onuň abatlygyny üpjün ediji. Eger oňa wezipe bermeli bolsa, maşgala ölçeginde, kiçijek öz patyşalygynda zenan ykdysatçy, sosial işgär, lukman, mugallym, gepiň tümmegi ähli wezipeleri eýeläp, olaryň ählisiniň hötdesinden gelip oturan adam. Olaryň artykmaçlygy – aýallar durmuşyň iç ýüzüni görüp, onuň gazanynda gaýnaýarlar. Olar öz çagalarynyň, ojagynyň, maşgalasynyň, ahyrky netijede tutuş jemgyýetiň aladasyny edýän ynsanlar bolup çykýar. Şol agzan häsiýetlerimi türkmen zenanlary özünde jemleýär, şonuň üçinem olar güýçli. Sözümi jemläp aýtsam, Türkmenistanda islendik aýalyň Berdimuhamedowdan gowy prezident bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG