Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trolleýbuslar taryha öwrüldi


Indi 1-nji belgili trolleýbus marşruty boýunça 28-nji belgili awtobuslar gatnar.
Indi 1-nji belgili trolleýbus marşruty boýunça 28-nji belgili awtobuslar gatnar.

Aşgabadyň trolleýbus gatnawy taryhda galdy. 1-nji ýanwardan başlap, şäheriň köçelerinde trolleýbus gatnawy ýatyryldy.


Bir wagtlar Aşgabatda trolleýbus marşrutlarynyň sany dokuza dagy ýetýärdi. Ýöne soňky wagtlarda bu görnüşli transportyň Aşgabat şäherinde ýeke-täk bir marşruty galypdy. Magtymguly şaýolundan, Hudaýberdiýew köçesinden gatnaýan 1-nji belgili trolleýbus marşruty bu köçeleriň ugrundaky hem-de oňa golaý köçeleriň ýaşaýjylaryna hyzmat edýärdi.

Şäheriň trolleýbus parky 40-dan gowrak “Şkoda” kysymly trolleýbuslardan ybaratdy. Bu trolleýbuslar 2000-nji ýylda satyn alnypdy. Ähli trolleýbuslar diňe bir marşrut boýunça hereket edensoň, duralgalarda ýolagçylar trolleýbuslara köp garaşmaly bolmaýardylar.

Döwlet edarasynda işleýän 45 ýaşly aşgabatly Akmuhammet trolleýbus gatnawynyň ýatyrylmagynyň Magtymguly prospektiniň ýolagçy gatnawyna ýaramaz täsir etjekdigini aýdýar:

—1-nji belgili trolleýbus Magtymguly prospekti boýunça bökdeniçsiz gatnaýan esasy transportdy. Aňry gitse 5-6 minutdan trolleýbus duralga gelýärdi. Olar sagat 22.00-a çenli gatnaýardylar. Şol wagt bu köçeden başga jemgyýetçilik transporty gatnamaýar.

Emma kähalatda elektrik energiýasy kesilende, köçäniň ugrunda yzly-yzyna duran birnäçe trolleýbuslary görmek bolýardy. Gar ýagyp, köçeler sürçek bolanda hem trolleýbuslaryň gatnamaýan wagty bardy. Şonda trolleýbus gatnawynyň 1-nji belgili marşruty boýunça 28 belgili awtobuslar gatnadylýardy. 1-nji ýanwardan başlap indi 1-nji belgili trolleýbus marşruty boýunça 28-nji belgili awtobuslar gatnar.

Hususy awtoulagy bolan 32 ýaşly Berdimyrat trolleýbus gatnawynyň ýatyrylmagyny goldaýandygyny aýdýar:

—Trolleýbuslar Aşgabadyň dar köçeleriniň hereketini çylşyrymlaşdyrýar. Tok öçmegi netijesinde köçäniň ugrunda duran trolleýbuslar bolsa bu köçeleri has-da daraldýardy.

Trolleýbus gatnawyna nostalgiýa hökmünde garaýanlar hem bar. Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde türkmen dilinden sapak berýan Sapar aga bu jemgyýetçilik ulagyny özüniň ýaşlygy bilen baglanyşdyrýar:

—Studentlik ýyllarym trolleýbuslarda geçdi. Öňki “Swoboda” prospektiniň, häzirki Magtymguly şaýolunyň ugrundan trolleýbus bilen uniwersitete gatnan ýyllarym, teatrlara giden günlerim düýnki ýaly ýadymda. Ýöne, elbetde, döwürden galan zatlary saklap galyp bolmaýar. Tehnika ösdi, şäher özgerdi, käbir işleri başgaça etmeli bolýar.

Sebäp näme?

Trolleýbuslar aýal-gyzlara sürmäge rugsat edilen ýeke-täk jemgyýetçilik transportydy. Trolleýbus sürýän aýal-gyzlar az däldi. Efirde adynyň tutulmagyny islemedik trolleýbus sürüjisisniň aýtmagyna görä, öň trolleýbus süren aýal-gyzlara transport edarasynda süpüriji bolup işlemek teklip edilipdir. Ol aýal-gyzlara awtobus sürmäge rugsat berilmeýändigini aýtdy.

Müňlerçe aşgabatlylara hyzmat eden, ýolagçylar üçin rahat transport serişdesi hasaplanýan trolleýbus gatnawynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri barada, asla onuň ýatyrylýandygy barada metbugatda habar berilmedi. Diňe 5-nji ýanwarda “Türkmenistan” gazetinde trolleýbus transportyny dolandyrýan “Trolleýbus hojalygy” müdürliginiň ýapylýandygy sebäpli gyzyklanýan taraplaryň özara hasaplaşyk geçirmegi baradaky gysgajyk bildiriş çap edildi.

Käbir synçylar bu çäräni Aşgabadyň köçeleriniň ugrundaky elektrik simlerini ýeriň aşagyndan geçirmek boýunça proýektler bilen baglanyşdyrýarlar we bu işleriň çäginde trolleýbus simleriniň saklanyp galmagyna zerurlyk duýlan däldir diýip çaklaýarlar.

2010-njy ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň “Şnaýder elektrik” kompaniýasy 600 müň ilatly diýlip hasaplanýan paýtagt Aşgabadyň elektrik infrastrukturasyny täzelemek barada türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşdy. Bu proýekt 2017-nji ýyla çenli tamamlanmaly edildi.

Trolleýbus gatnawy Aşgabatda 1964-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylypdyr.
XS
SM
MD
LG