Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur sowet içalysy Wartanýan aradan çykdy


Meşhur sowet içalysy Gework Wartanýan 87 ýaşynda, Moskwada aradan çykdy.

Ikinji jahan urşy döwründe Tähranda işlän Wartanýan nasistleriň 1943-nji ýylda, ýaran güýçleriň liderleri Žozef Staliniň, Franklin Ruzweltiň we Winston Çerçiliň gatnaşmagynda Tähranda geçen konferensiýa hüjüm etmek planlarynyň üstüni açypdy.

Şeýle-de ol britan aňtaw gullugynyň içine aralaşyp, Sowet Soýuzyndaky ýaşryn içalylar toparynyň üstüni açypdy.

Wartanýan uruşdan soň öz aýaly bilen 30 ýyllap içaly bolup işledi. Ol sowet aňtaw gullugyndan 1992-nji ýylda dynç alşa çykdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ony hakyky watançy we ajaýyp adam diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG