Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Karimowa Azatlyga twitter arkaly jogap berdi


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň gyzy Gülnara Kerimowa Azatlygyň saýtyny okaýandygyny boýun aldy.


Soňky iki günüň dowamynda Gülnara Kerimowa bilen gyrgyzystanly twitterçileriň arasynda özara jedel dowam edýär. Gülnara Kerimowa gyrgyz twitterçilerini milletçilikde aýyplasa, twitterçiler Gülnaranyň we onuň maşgala agzalarynyň garşysyna aýyplamalary ýagdyrdylar.

Jedeliň başlanmagynyň sebäbi – ilki gyrgyzystanly Maksat Damir oglunyň, Özbegistanyň prezidentiniň gyzyna degişlidigi aýdylýan twitter sahypasynyň hakykatdanam prezidentiň gyzyna degişlidigini anyklamak üçin eden hereketi bolupdyr.

Gülnara Kerimowa twitter arkaly 25 adam bilen aragatnaşyk saklaýan eken. Olaryň hemmesi Orsýetden. Maksat Damir ogly oňa “Näme uçin Özbegistandan hiç kim ýok?” diýen sowaly berdi.

Özüne ýazylan hata jogap bermegi endik edinen Gülnara Kerimowanyň beýle sowal gaharyny getirdimi – bu belli däl, bu iki twitterçiniň arasynda jedel başlandy. Uzak dowam eden jedeliň ahyrynda Gülnara Kerimowa Maksat Damir ogluny milletçilikde aýyplady.

Bişkekli 26 ýaşly Maksat Damir ogly bilen özbek prezidentiniň gyzynyň arasynda başlanan sowal-žogaplar bilen “Ýaş tolkunyň”, ýagny Azatlygyň Özbek gullugynyň ýaşlar programmasynyň redaktory gyzyklandy.

“Meni twitterdäki @GulnaraKarimova sahypasynyň hakykatdan hem Gülnara Kerimowa degişlimi ýa-da daldigi gyzyklandyrdy. Meniň sowalym onuň göwnünden turmadymy, garaz, ol meni milletçi diýip atlandyrdy” diýip, Maksat Damir ogly ýazdy.

Prezident Kerimowyň gyzy, Özbegistanyň BMG-däki wekili we Ispaniýadaky ilçisi Gülnara Kerimowa degişlidigi aýdylýan twitter sahypasynyň açylanyna entek köp wagt bolanok. Muňa garamazdan, bu sahypa yzygiderli täzelenýär. Bu sahypanyň hakykatdan hem Gülnara Kerimowa degişlidigini aňladýan birnäçe alamatlar bar. Meselem, sahypada esasan Kerimowanyň şahsy durmuşyna we alyp barýan işlerine degişli habarlar çap edilýär. Prezidentiň gyzynyň moda dünýäsinde alyp barýan işleri we onuň ýolbaşçylyk edýän “Fond Form” fonduna degişli maglumatlar bar. @GulnaraKarimova sahypasynyň Özbegistanyň prezidentiniň gyzyna degişlidigi açyk tassyklanmasa-da, ol bu sahypanyň özüne degişli däl diýibem yglan etmedi.

Etnik gyrgyzlary milletçilikde aýyplady

Twitteriň sahypasynda gyrgyzystanly bilen jedelleşen Gülnara Kerimowa gyrgyzystanly etnik gyrgyzlary milletçilikde aýyplady we 2010-njy ýylda Oşda bolan wakalarda gyrgyzlary rehimsiz hereketlerde günäledi. Özüni Gülnara Kerimowa diýip tanadan twitterçi bu meselede şeýle ýazdy:

“Gowy ýaşaýanlaryň yzyndan taýak göterip ylgap ýörmegiň ýerine, günäni özüňizden gözleseňiz, gowy bolmazmydy? Öz içki problemalaryňyzy ýurduň günortasynda mydam öz zähmeti bilen güzeran görýän we şonuň öwezine gowy ýaşaýan adamlaryň üstüne atdyňyz.

Durmuşda duşmançylyk, görübilmezlik mydam bolupdyr. Taryhda hem şeýle bolan. Elbetde, bu gynançly ýagdaý. Men Kizilkiýa şäheriniň golaýynda ösüp ulaldym. Ol wagtlar beýle milletçilik ýokdy. Hatar-hatar jaýlar gurulýardy. Özara hormat hem bardy. Belki, gowu gyrgyzlar hem bardy.

Indi bolsa awtomat ýarag bilen zawody ýa-da kompaniýany we şuňa meňzeş ýerleri basyp almak mümkin bolan döwletde, iş orunlary umuman bolmadyk ýurtda hemme zat çalam-çaş. Bu uly betbagtçylyk. Bu betbagtçylyk barada degşip-gülüp gepleýänler hem bar”.


Jedel gyzanda gyrgyzystanly ýene-de bir twitterçi Ulan internet neşirlerinde çap edilen kerimowlaryň maşgalasy bilen bagly linkleri Gülnara Kerimowa iberip başlady. Olaryň biri Nýu-Ýorkda geçen moda hepdeliginden Gülnara Kerimowanyň kowlandygy barada. Ikinjisi bolsa Lola Kerimowanyň “diktatoryň gyzy” diýip atlandyrylmagy baradaky maglumatlardy.

Muňa jogap berip, Gülnara Kerimowa şeýle ýazdy:

“Görnüşine görä, gyrgyzystanly twitterçileri we dyrnagyň astyndan kir gözleýän yzagalak habar serişdelerini diňe men, meniň kakam we meniň aýal doganym gyzyklandyrýar. Meniň başga garyndaşlarym hem kän”.

Twitterçi Gülnara Kerimowanyň gyrgyzystanly mikro bloggerler bilen jedeliniň dowamynda Kerimowanyň tarapyny alanlar hem köp boldy. Olaryň uly bölegi Gülnara Kerimowa gyrgyzystanly twitterçilere üns bermezligi teklip etdiler.



11-nji ýanwarda bolsa Gülnara Kerimowa özüniň twitter sahypasynda Azatlyk Radiosynyň çap eden makalasyny ýatlap, radionyň saýtynadaky “Gülnara Kerimowa gyrgyzystanlylary rehimsizlikde günäledi“ atly makalasy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi:

“Azatlykdaky makalany okadym. Bu iş bilen örän az gyzyklanýan. Gowuja PR makala bolupdyr. Olar hiç wagt ýalan goşman makala ýazmaýarlar. Twitterde meni reklama edeniňiz üçin sag boluň!”

Görnüşinden Özbegistanyň BMG-däki wekili we Ispaniýadaky ilçisi Gülnara Kerimowany, şou biznesiň ýyldyzlaryny we dünýäniň tanymal syýasatçylaryny gyzyklandyryşy ýaly, twitter hem gyzyklandyrýar.
XS
SM
MD
LG