Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada täjik aktiwistine edilen hüjüm derňelýär


Moskwanyň polisiýasy täjigistanly syýasy aktiwist we žurnalist Dodojon Atowulloýewe garşy edilen hüjüm boýunça jenaýat işini gozgady.

Hepdäniň penşenbe güni agşam Atowulloýew Moskwanyň restoranynda pyçaklandy we ol erbet ýaralandy. Moskwanyň polisiýasy bu jenaýatda güman edilýän bir adamy ele saldy.

Atowulloýew häzir Moskwanyň tiz kömek hassahanasynda ýatyr. Oňa lukmanlar operasiýa etdiler we onuň janyna howp abanmaýar diýip, ors habar agentligi ýazýar.

Dodojon Atowulloýew – “Watandor” täjik hereketiniň lideri. Ol Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmonyň syýasatyny berk tankyt edýän syýasatçy hökmünde tanalýar. Birnäçe ýyl mundan ozal ol syýasy sebäpler boýunça Orsýete göçüp barypdy.
XS
SM
MD
LG