Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik oppozisiýasynyň aktiwisti pyçaklandy


Dodojon Atowulloýew
Dodojon Atowulloýew
Täjik oppozisiýasynyň liderleriniň biri, Täjigistandaky režimiň berk tankytçysy Dodojon Atowulloýew penşenbe güni giçlik Moskwada ýerleşýän “Wiadjio” restoranynda näbelli hüjümçi tarapyndan pyçaklandy.

“Watandor” oppozision hereketiniň lideri, žurnalist Dodojon Atowulloýewiň, edilen operasiýadan soň, Moskwanyň Sklifosowskiý adyndaky keselhanasynyň reanimasiýasyna ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Özüni Amonboý diýip atlandyran Dodojon Atowulloýewiň sürüjisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde häzir onuň ýagdaýynyň gowulaşýandygyny aýtdy.

“Roýter” habar gullugy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgäri žurnaliste garşy amala aşyrylan hüjümiň hakyna tutma hüjümçi tarapyndan amala aşyrylana meňzeýändigini aýtdy.

Resmileriň beren maglumatlaryna görä, näbelli adam Dodojona jaň edip, onuň bilen “Wiadjio” restoranynda duşuşmak barada ylalaşypdyr. Bu ýere baran žurnaliste hüjüm edilip, ol iki gezek pyçaklanypdyr.

Moskwa şäher polisiýasynyň metbugat sekretary Arkadiý Başyrow, aktiwist Dodojan Atowulloýewe edilen hüjümden soň, şol töwerekde elinde ganyň yzy bolan bir adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Polisiýanyň wekili ganyň ekspertiza barlagyna iberilendigi, onuň netijesi gelensoň, tussag edilen adamyň žurnaliste garşy hüjüme dahylynyň bolup-bolmandygynyň anyklanjakdygyny aýdypdyr. Hüjüm bilen bagly jenaýat işiniň gozgalandygy habar berilýär.

Täjik prezidentiniň tankytçysy

Täjik prezidentiniň esasy tankytçylarynyň biri Dodojon Atowulloýew 1991-nji ýylda “Çarogi ruz”, ýagny “Gün şapagy” atly garaşsyz gazetiň düýbini tutýar. 1992-nji ýylda “Halk frontunyň” wekili Emomali Rahmonowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, Dodojon ýurdy terk etmeli bolýar.

Dodojan Atowulloýew ilki başda Gazagystana, soňra Orsýete göçýär. Bu ýerde ol öz garaşsyz gazetini çap etmegi dowam etdirýär.

1970-nji ýylda Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlan Dodojon Atowulloýew Orsýetde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, “Nowaýa gazeta” ýaly metbugat guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Tankydy çykyşlary üçin resmi Duşenbe žurnalisti “Täjigistanda häkimiýet agdarylyşygyny gurnamaga çagyryş edenlikde, prezidentiň şahsyýetine dil ýetirenlikde” aýyplap, oňa garşy jenaýat işini gozgady.

Geçen ýyl Täjigistanda rus pilotynyň tussag edilmegi bilen bagly ýüze çykan dawada Dodojon Atowulloýew birnäçe gezek çykyş edip, rus raýatynyň türme tussaglygyna höküm edilmegine şol döwür täjik prezidentiniň garyndaşynyň Orsýetde tussaglykda saklanmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.

Täjik häkimiýetleri žurnalistiň Täjigistana berilmegini sorap, ony birnäçe gezek gözlenýän adamlaryň sanawyna goşupdy. 2001-nji ýylda žurnalist täjik häkimiýetleriniň haýyşy boýunça Şeremetýewo aeroportunda tussag edildi. Emma birnäçe günden soň, Orsýetiň Baş prokuraturasy Dodojony Täjigistana ekstardisiýa etmekden ýüz öwürip, ony boşatdy.

Dodojon Atowulloýew Sowet döwründe, 1980-nji ýyllarda ýurtda alnyp barylýan syýasaty tankytlap eden çykyşy üçin, ýaşlaryň arasynda “Arassa howanyň öwüsgüni” adyna eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG