Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň premýer-ministri ilaty asudalyga çagyrdy


Rumyniýanyň premýer-ministri Emil Bok ýurtda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklar bilen bagly şäherlerde zorluga ýol berilmejekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, raýatlaryň öz garaýyşlaryny diňe asuda çykyşlar arkaly bildirmäge hukuklary bar.

Şol bir wagtda, Emil Bok halkyň nägileliklerine sebäp bolan saglygy saklaýyş pudagyndaky özgerişlere täzeden garamaga söz berdi.

Rumyniýada protestler 12- nji ýanwardan bäri dowam edýär. Geçen ýekşenbe güni protestçiler we polisiýa çaknyşanda 70 çemesi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG