Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede sud Ýasin Haýýaly ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi


Sişenbe güni Türkiýede sud Ýasin Haýýaly ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Ol 2007-nji ýylda ermeni asylly belli türk žurnalisti Grant Dinkiň öldürilmegi bilen bagly aýyplanýar.

Ýasin Haýýal žurnalist Dinki öldürmek maksady bilen dildüwşükde we öjükdirmekde günäli bilindi. Geçen ýylyň iýul aýynda şol jenaýaty amala aşyran Ogün Samast 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmezligi žurnalisti öldüren wagty onuň kämillik ýaşyna ýetmändigi bilen baglanyşykly.

Žurnalist Grant Dinkiň ýakynlary we köpsanly jemgyýetçilik wekilleri bu ölümiň käbir resmi adamlar bilen baglydygyny aýdýarlar we şol baglanyşygyň derňelmändigine gahar-gazap bildirýärler.
XS
SM
MD
LG