Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Arap Ligasynyň tekliplerini ret edýär


Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri ýekşenbe güni Kairde duşuşyp, Siriýadaky ýagdaýlar bilen bagly täze parahatçylyk planyny işläp düzdüler. Kair, 22-nji ýanwar, 2012.
Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri ýekşenbe güni Kairde duşuşyp, Siriýadaky ýagdaýlar bilen bagly täze parahatçylyk planyny işläp düzdüler. Kair, 22-nji ýanwar, 2012.
Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri ýekşenbe güni Kairde duşuşyp, Siriýany iki aý möhlet içinde oppozisiýa wekilleriniň gatnaşmagynda milli bitewülik hökümetini düzmäge çagyrdy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň režiminiň adyny aýtmadyk resmisine salgylanyp, onuň bu plany “milli özygtyýarlylyga hüjüm we içerki işlere gödek gatyşmak” hökmünde häsiýetlendirendigini habar berdi.

Biraz öň Kataryň daşary işler ministri Şeýh Hamad bin Ýassim al-Tani Siriýada geçirilmegi mümkin syýasy reformalaryň planyny beýan edip, şeýle diýipdi: “Arap Ligasyndaky doganlarymyzyň ählisi bilen maslahatlaşyp, biz milli bitewülik hökümetini düzmegi, ygtyýarlyklary wise-prezidente geçirýän bitarap guramany döretmegi, konstitusiýa esasynda saýlawlaryň esasyny goýmagy we uçreditel maslahaty gurnamagy we onuň wagtyny kesgitlemegi esasy wezipe ediji bir ylalaşyga geldik”.

Oppozisiýada dürli garaýyşlar bar

22 döwletden ybarat Liga özüniň ýol kartasy planyny tassyklatmak üçin, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hem görkezjekdigini aýtdy.

Siriýanyň iň uly oppozisiýa topary bolan Siriýa Milli Geňeşi “Siriýada bolmaly islendik geçişiň prezident al-Assadyň iş başyndan gyrakladylmagy bilen utgaşmalydygyny” aýdyp, öz diýenine tutdy.

Ýurt içinde režime garşy protestleri gurnaýan oppozisiýa toparlaryny özüne birikdirýän ýerli koordinasiýa komiteti bolsa, bu planyň bellenen çäreleri amala aşyryp biljek mehanizminiň ýokdugyna salgylanyp, onuň başa barjak zat däldigini aýtdy. Şeýle-de, komitet bu inisiatiwa Siriýanyň režime öz ganly basyp ýatyrmalaryny dowam etdirmek üçin has köp wagt berer diýip hasaplaýar.

Halkara basyşlary güýçlenýär, emma...

Britaniýanyň daşary işler sekretary Wilýam Heýg duşenbe güni Ýewropa Bileleşigindäki kärdeşleri bilen duşuşmazyndan öň Arap Ligasynyň inisiatiwasyna Bileleşigiň goldaw berjegini aýdyp, şeýle diýdi: “Biz, Arap Ligasyny we olaryň hepde ahyrynda kabul eden kararlaryny goldamagy dowam etdirmek bilen, Siriýa babatda goşmaça sanksiýa çäreleri hakynda-da ylalaşyga geleris diýip umyt edýärin”.

Prezident Başar al-Assadyň režimine edilýän halkara basyşlary ösmek bilen, ýöne weto ygtyýarlygy bolan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Hytaý we Orsýet Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa babatdaky berk rozolýusiýasynyň öňüni baglady.

Arap Ligasynyň ministrleri öz duşuşyklarynda Siriýadaky gözegçilik missiýalarynyň möhletini ýene bir aý uzaldýandyklaryny aýtdylar. Bu synçylar zorlugyň öňüni almagy başarmazlykda tankyt edilipdi.

BMG Siriýada al-Assada garşy turan on aýlyk gozgalaňyň dowamynda bäş müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar. Siriýaýanyň hökümeti bolsa özüniň “terrorçylar” we “ýaragly toparlar” bilen söweşýändigini gaýtalaýar.
XS
SM
MD
LG