Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz senaty ermeni genosidi bilen bagly kanuny kabul etdi


23-nji ýanwarda Fransiýanyň senatynda Osman imperiýasy zamanynda ermenilere garşy genosid edilendigini inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak baradaky kanun kabul edildi.

Indi bu kanunyň güýje girmegi üçin öňa Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi gol çekmeli. Hut prezident Sarkoziniň partiýasy bu kanun bilen bagly inisiatiwany öňe sürüpdi.

Bu kanuna görä, ermenilere garşy genosid edilendigini inkär eden adama bir ýyl türme tussaglygy we 45 müň ýewro çenli jerime salmaklyk göz öňünde tutulýar.

23-nji ýanwarda Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bu kanunyň Fransiýanyň senatynda kabul edilmegini ýazgaryp, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG