Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda “Alga” nyşana alynýar


Oppozision “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow Almatydaky Milli metbugat öýüniň öňünde hakimiýetleriň syýasatyny tankytlap, žurnalistlere interwýu berýär. Almaty, oktýabr, 2010.
Oppozision “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow Almatydaky Milli metbugat öýüniň öňünde hakimiýetleriň syýasatyny tankytlap, žurnalistlere interwýu berýär. Almaty, oktýabr, 2010.
Gazagystanyň howpsuzlyk gulluklary 23-nji ýanwarda resmi taýdan hasaba alynmadyk oppozision “Alga” partiýasynyň Almatydaky edarasyna, şeýle-de partiýanyň lideriniň we birnäçe agzalarynyň öýlerine reýd geçirdiler.

“Alga” oppozision partiýasynyň agzalarynyň aýtmaklaryna görä, 23-nji ýanwarda harby eşikli ofiserler partiýanyň Almatydaky baş karargähine girdiler we onuň işgärleriniň bu bina girmegine böwet boldular.

Ol ýerdäki polisiýa bu reýdiň sebäbini kommentirlemäge ygtyýarynyň ýokdugyny aýtdy. Habar gulluklarynyň partiýanyň ady agzalmaýan aktiwistine salgylanyp beren maglumatlaryna görä, bu reýd 16-njy dekabrda Žanaözen şäherinde bolan we adam pidalaryna getiren bidüzgünçilikler boýunça derňew bilen bagly.

“Alganyň” aktiwistleri nyşana alynýar

Golaýda “Alga” partiýasynyň Almatydaky bölüminiň başlygy Aýžangül Amirowa tussag edildi we onuň Žanaözendäki derňew bilen bagly ol ýere äkidilendigi habar berildi.

“Respublika” atly internet neşiri “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlowyň öýüne-de 20 çemesi adamyň reýd geçirendigini we onuň kompýuterleriniň, dokumentleriniň alnyp gidilendigini aýdýar. Kozlow geçen aý Žanaözene sapar eden garaşsyz toparyň bir agzasydy. 16-njy dekabrda Žanaözende bolan bidüzgünçilikde azyndan 16 adamyň ölendigi habar berlipdi.

Oppozision “Alga” partiýasy 2005-nji ýylda Gazagystanda resmi taýdan gadagan edilen “Demokratik seçim” atly oppozision partiýanyň bazasynda döredilen partiýadyr. Gazak häkimiýetleri oppozision “Alga” partiýasyny resmi hasaba almakdan ýüz öwürýärler we onuň agzalarynyň köpüsiniň Gazagystanyň raýatlary däldigini aýdýarlar.

Žanaözen wakasy kölge saldy…

Žanaözen şäherinde geçen ýylyň ahyrynda bolan bidüzgünçilikden soňra girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni henizem dowam edýär. Bu şäherde tussag etmeleriň we soraga çekmeleriň-de dowam edýändigi aýdylýar.

Žanözendäki bidüzgünçilikler 15-nji ýanwarda Gazagystanda geçen parlament saýlawlarynyň netijelerini-de sorag astynda goýýar. Şol saýlawlarda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy ýeňiş gazandy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy saýlawlaryň esasy demokratik ölçeglere laýyk geçmändigini nygtapdy. Gazagystanyň oppozision “Sosial-demokratik partiýasy” saýlawlarda bäsleşmek üçin resmi hasaba alnan ýeke-täk oppozision partiýa bolupdy. Emma ol parlamente girmek üçin saýlawçylaryň 7 prosent sesini gazanyp bilmedi.

Ýakynda “Alga” we beýleki oppozision partiýalar, şol sanda demokratlar we kommunistler “Halk Fronty” atly oppozision koalisiýany döretdiler. Bu koalisiýa hökümetiň Žanaözen krizisine çemeleşişini berk ýazgardy.
XS
SM
MD
LG