Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Rasmussen: “NATO-Orsýet sammitiniň bolmazlygy mümkin”


26-nji ýanwarda NATO-nyň Baş sekretary Anders fog-Rasmussen Orsýet raketalara garşy goranyş sistemasy boýunça hyzmatdaşlyk etmese, maý aýynda Çikagoda geçiriljek NATO-Orsýet sammitiniň ýatyrylmagynyň mümkindigini aýtdy.

NATO raketalara garşy Ýewropa ýurtlaryndaky goranyş sistemasynyň Orsýete garşy gönükdirilmeýandigini aýdýar. Emma Orsýet bu mesele bilen bagly kanuny dokumentiň taýýarlanmagyny talap edýär.

Şeýle hem, 26-nji ýanwarda Brýusselde eden çykyşynda NATO-nyň Baş sekretary bu gurama agza ýurtlary 2014-nji ýylyň ahyryna çenli ýaranlyk güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen bagly plan boýunça sazlaşykly hereket etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG