Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti Abdulla Saleh Birleşen Ştatlara bardy


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri Ýemeniň prezidenti Aly Abdulla Salehiň öz saglygyny bejertmek üçin Birleşen Ştatlara barandygyny tassykladylar.

Ýöne Döwlet Departamenti bu barada ýaýradan maglumatynda Ýemeniň prezidentiniň anyk haýsy şähere ýa-da ştata barandygyny mälim etmeýär.

Prezident Aly Abdulla Saleh geçen ýylyň iýunynda özüne garşy edilen ýaragly hüjümde ýaralanypdy. Şondan bäri onuň saglyk ýagdaýynyň bejergi talap edýändigi aýdylyp gelinýär.

Ýakynda Ýemeniň hökümeti we oppozisiýa güýçleri prezident Abdulla Salehe geljekde eldegrilmesizlik statusyny kepillendirmek bilen, onuň wezipesinden çekilmegi barada ýörite bir ylalaşyga geldiler. Aly Abdulla Saleh Ýemene 33 ýyllap liderlik etdi.
XS
SM
MD
LG