Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde “Ýabloko” partiýasynyň gazetine hüjüm edildi


Orsýetiň oppozisiýadaky “Ýabloko” partiýasynyň berýän maglumatyna görä, onuň çap edýän gazetiniň bir edarasyna içi ýangyçly çüýşe bilen hüjüm edilipdir.

Partiýanyň websaýtynda ýerleşdirilen informasiýa laýyklykda, Perm regionyda ýerleşýän “Weçerniý Krasnoýarsk” gazetiniň edarasyna edilen hüjüm şenbe güni irden amala aşyrylypdyr.

Wakada ýaralananlar barada maglumat ýok.

“Ýabloko” partiýasynyň çaklamagyna görä, hüjüm gazetiň Krasnokamsk şäheriniň häkiminiň parahorluk bilen meşgullanýandygy barada taýýarlan derňew reportažlary bilen bagly bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG