Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi we Gündogar Ýewropada onlarça adam sowukdan öldi


Howanyň birbada aşa sowamagy sebäpli Merkezi we Gündogar Ýewropada onlarça adam öldi.

Ukrainada soňky bäş günüň dowamynda 30 adamyň ölendigi habar berilýär.

Polşanyň polisiýasynyň maglumatyna görä, sişenbe gününiň dowamynda howa -30C derejä çenle pese düşende, bäş adam ölüpdir. Netijede, ýanwar aýy boýunça ölenleriň sany 27-ä ýetdi.

Rumyniýada hem iki adam heläk boldy. Sowuk netijesinde, çarşenbe gününden bäri ölenleriň sany sekiz boldy.

Mundan başga-da Serbiýada üç, Bolgariýada hem bir adamyň ölendigi aýdylýar. Bolgariýanyň sekiz şäherinde, şol sanda paýtagt Sofiýada sişenbe günündäki ýaly sowuk entek 100 ýylyň dowamynda hem hasaba alynmandy. Ol ýerlerde howa -29C derejä ýetýärdi.

Çehiýanyň paýtagty Pragada-da doňup heläk bolan bir aýalyň jesedi tapyldy.
XS
SM
MD
LG