Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin köpçülikleýin protestleri makullady


Putin özüniň Kremle dolanyp barmagyna ýol açýan prezidentlik saýlawlarynyň iki tapgyrdan ybarat bolmagynyň ähtimaldygyny inkär etmedi.
Putin özüniň Kremle dolanyp barmagyna ýol açýan prezidentlik saýlawlarynyň iki tapgyrdan ybarat bolmagynyň ähtimaldygyny inkär etmedi.
Orsýetiň premýer-ministri we prezidentlige dalaşgär Wladimir Putin ýurtda barha güýçlenýän protest aksiýalaryny adamlaryň aladalanýanlygynyň alamaty diýip atlandyrdy.

1-nji fewralda eden çykyşynda Putin özüniň Kremle dolanyp barmagyna ýol açýan prezidentlik saýlawlarynyň iki tapgyrdan ybarat bolmagynyň ähtimaldygyny inkär etmedi. Emma, onuň sözlerine görä, şeýle bolsa, bu ýagdaý ýurtda syýasy durnuksyzlygy döredip biler.

"Hökümete ýol görkezmeli"

Putin orsýetli synçylaryň topary bilen Moskwada geçiren bu duşuşygynda syýasy göreşiň güýçli depginde gidýänligini, emma bu göreşiň jemgyýetiň hyzmatynda durýan hökümete ýol görkezmelidigini belledi:

—Goldaw bolmasa men işlemek islemeýärin we işlemerin. Munuň manysy ýok. Başga adamlar has gowy etmäge synanyşmaly bolarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň Orsýetiň ykbalyny şol adamlara gowşurýanlygyny aňladar we şol adamlara ýurduň öňünde duran meseleleri çözmäge ýardam bermeli bolar.

Geçen ýylyň dekabr aýynda bolan parlament saýlawlarynyň yz ýany Moskwada we Orsýetiň beýleki şäherlerinde köpçülikleýin protest aksiýalarynyň ençemesi geçirildi. Synçylaryň köpüsi ol saýlawlary galp diýip atlandyrdylar.

Demonstrantlar Putiniň üçünji sapar prezidentlik wezipesine dalaş etmegine garşy çykyş edýärler we ony häkimiýeti öz eýeçiliginde saklamakda we öz bähbitlerini döwletiň bähbitlerinden ileri tutmakda aýyplaýarlar.

“Putin, git!”

“Solidarnost” hereketi Kremliň golaýynda duran beýik binanyň üstünde “Putin, git! ” diýen uly şygary ýerleşdirdi.
“Solidarnost” hereketi Kremliň golaýynda duran beýik binanyň üstünde “Putin, git! ” diýen uly şygary ýerleşdirdi.


Hepdäniň çarşenbe güni Putini tankyt edýän “Solidarnost” hereketi Kremliň golaýynda duran beýik binanyň üstünde “Putin, git! ” diýen uly şygary ýerleşdirdi. Bu şygar iki sagada golaý wagtlap asylgy durdy, emma soň polisiýa tarapyndan ýok edildi.

Aktiwist Pawel Ýelizarowyň “Roýter” agentligine aýtmagyna görä, bu şygary ýerleşdirmek bilen, syýasy oppozisiýa öz pikirini hökümetiň dykgatyna ýetirmek maksadynay göz öňünde tutdy:

—Häkimiýetleriň biziň protestlerimize köpçülikleýin çykyşlardan soň hem üns bermeýänligine düşündik. Biz Putiniň häkimiýet başyndan çekilmegini talap etmek üçin täze ýollary gözleýäris. Sebäbi biz Putiniň 12 ýyllap höküm sürmegi Orsýet üçin ýeterlik diýip hasap edýäris.

Köpçüligiň pikirini öwrenýän Lewada merkeziniň täze barlaglary Orsýetiň raýatlarynyň 80%-niň 4-nji martda boljak prezidentlik saýlawlarynda Putin ýeňer diýip hasap edýänligini görkezdi. Pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň ýarpysyndan gowragy Putin saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanar diýen pikirde. Bu pikir soralyşyk 20-23-nji ýanwar aralygynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG