Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Orsýet-2012 forumyna” žurnalistler gatnaşdyrylmady


Penşenbe güni Moskwada inwestisiýa meselelerine bagyşlanylyp “Orsýet-2012 forumy” ady bilen geçirilýän maslahata žurnalistleriň gatnaşmagyna ýol berilmedi.

Orsýetde çap edilýän “Bolşoý biznes” atly žurnalyň baş redaktory Ýewgeniýa Kwitko penşenbe güni bu maslahatyň başlamazynyň öňýany foruma akkreditasiýa alan žurnalistleriň hemmesini howpsuzlyk işgärleriniň bu zaldan çykarandyklaryny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu waka premýer-ministr Wladimir Putiniň bu foruma gelmeziniň edil öňýany ýüz beripdir. Maglumata görä, howpsuzlyk işgärleri bu çäräniň sebäbini düşündirmändirler.

Käbir synçylar žurnalistleriň bu forumdan çykarylmagyny olaryň Putine sorag bermekleriniň öňüni almak üçin görlen çäre diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG