Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ-nyň dini liderleriniň öňünde çykyş etdi


Amerikanyň prezidenti Barak Obamanyň sözlerine görä, onuň hristian ynanjy we berk ahlak gymmatlyklary öz wezipe borçlaryny amala aşyrmaga, şeýle-de kyn kararlary kabul etmäge ýardam beripdir:

— Men hristian hökmünde Isa Mesihiň taglymatyndan, ýagny köp berlen köp zatlary hem amal etmeli diýen pikirden ugur alýaryn. Bu yslam dinine hem gabat gelýär. Hudaý kime köp zat eçilen bolsa, ol hem munuň üsti bilen beýlekilere ýardam etmeli. Bu ýahudi dininiň aramlyk we beýlekilere sylag doktritasyna hem gabat gelýär.

Amerikanyň prezidenti bu barada Waşingtonda gurnalan ýörite ertirligiň dowamyndaky çykyşynda beýan etdi. Bu duşuşyk her ýyl gurnalýan çäre bolup, oňa ýurduň ähli künjeklerinden dini liderler gatnaşýar.

ABŞ-nyň lideri Obamanyň duşuşykda aýtmagyna görä, özüniň barly amerikanlaryň salgytlaryny ýokarlandyrmak baradaky öňe sürýän planlary hem jogapkärçiligi paýlaşmak baradaky şu ynançdan ugur alýar we bu “ykdysady nukdaýnazardan manyly” bolup durýar.
XS
SM
MD
LG