Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident saýlawlaryna Orsýetdäki türkmenler nähili garaýarlar?


Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Saýlawlar nähili geçiriler? 12-nji fewralda boljak prezidentlik saýlawlaryndan Türkmenistanyň daşynda Orsýetde ýaşaýan raýatlar nämä garaşýarlar? Bu sowallar ýurduň içinde we daşynda köpleri gyzyklandyrýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz pikiri bilen açyk çykyş etmekden saklanýanlygy sebäpli Azatlyk Radiosy bu sowala jogap tapmak üçin Orsýet Federasiýasynda ýaşaýan türkmenleri, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryny öz içine alýan “Rus-Türkmen öýüniň ” başlygy Wladislaw Nemçinowa ýüzlendi. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasynda ýaşaýan raýatlary 12-nji fewral saýlawlaryna nähili garaýarlar we saýlawlardan nämä garaşýarlar?

Wladislaw Nemçinow: Umuman, adamlar saýlawlara kadaly garaýarlar. Köpler özgerişliklere umyt bildirýärler. Soňky döwürde Moskwadaky we Orsýet Federasiýasyndaky türkmen diasporasy adam sany taýdan ulalýar. Adamlar birleşýärler, Türkmenistana degişli meseleleri ara alyp maslahat edýärler. Köpçülik Türkmenstandaky saýlawlara ýagşy umyt bilen garaýar.

Azatlyk Radiosy: Ýagdaýlaryň gowulyga tarap özgermegine umyt bildirilýär diýdiňiz? Nähili özgerişliklere umyt baglanýar?

Wladislaw Nemçinow: Häzirki wagtda Orsýetde ýaşaýan türkmen raýatlaryny we, umuman türkmenistanlylary, has köp alada goýýan esasy mesele Türkmenistana baryp-gelmek bilen bagly. 2013-nji ýyl golaýlaýar. Türkmenistanyň kanunlaryna görä, raýatlar diňe bir pasporta eýe bolmaly bolarlar, bu türkmen raýatlarynyň häzirkisi ýaly iki pasportdan peýdalanyp bilmejegini aňladýar. Şeýle ýagdaýda pasportlaryň haýsy birini galdyrmaly, diýen mesele agyryly bir sorag bolup galýar we köpleri alada goýýar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Orsýetde näçe türkmen ýaşaýar we olardan näçe adam Türkmenistanyň raýaty?

Wladislaw Nemçinow: Ilat sanynyň monitoring barlaglary resmi taýdan geçirilmedi. Emma, biziň çaklamalarymyza görä, ortaça hasapdan 50 müň töwereginde diýsek ýalňyş bolmaz. Olaryň arasynda Orsýetiň raýaty bolmak bilen bir wagtda Türkmenistanyň raýaty bolan adamlar hem köp. Olaryň köpüsi türkmen pasportlaryny saklap galýarlar. Emma Orsýetde ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen pasportyndan başga dokumenti bolmadyk adamlar hem az däl. Olar köplenç bu ýerde ýerleşmekde-de, Türkmenistana dolanmakda-da kynçylyk çekip, kösenýärler. Men ýakyn günlerde bir maşgala bilen duşuşdym. Olar kanunlary berjaý edýän we zähmet çekýän adamlar bolsalar-da, Orsýetdäki kanunlara laýyklykda, dokumentlerini sazlap bilmän kösenýärler. Olaryň Türkmenistana gaýtmaklary bilen bagly ýagdaýy hem çylşyrymly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan öz raýatlaryny prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrmak üçin ýurduň daşynda hem saýlaw uçastoklaryny döretdi. Orsýetdäki türkmen raýatlarynyň ses bermegi üçin döredilen şertlere nähili baha berýärsiňiz?

Wladislaw Nemçinow: Ses berişlik üçin Orsýetde diňe bir saýlaw uçastogynyň döredilmegi, guramaçylyk taýdan uly kemçilik diýip hasap edýärin. Ses berişlik nokady Türkmenistanyň ilçihanasynda bolansoň, Moskwada we Moskwa regionynda ýaşaýan türkmenlerde ses bermek üçin kynçylyk bolmaz. Emma Orsýetiň beýleki regionlarynda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň nädip ses berişlige gatnaşyp biljegini göz öňüne getirmek kyn. Türkmenler hatda Kamçatkada, Wladiwostokda, Çita we Irkutsk ýaly paýtagtdan uzakdaky şäherlerde-de ýaşaýarlar. Türkmen häkimiýetleriniň bu adamlary ses berişlige gatnaşdyrmak düzgünlerini hatda göz öňünde tutanlygy hem şübheli görünýär.
XS
SM
MD
LG