Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýa boýunça halkara duşuşygyny geçirer


Nawi Pilleý Siriýada bolup geçýän wakalary “köpçülikleýin gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy.
Nawi Pilleý Siriýada bolup geçýän wakalary “köpçülikleýin gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy.
BMG-niň adam hukuklary edarasynyň baştutany Nawi Pilleý halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň graždan ilatyny goramak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy.

Siriýadan gowuşýan maglumatlara görä, Siriýanyň hökümet goşunlary çarşenbe güni ýaşaýyş jaýlaryny oka tutmak bilen, Homs şäherindäki ýaragly oppozisiýanyň garşysyna hereketlerini aktiwleşdiripdir.

Siriýaly adam hukuklaryny goraýjylar diňe soňky gije-gündizde Homsda 50 töweregi adamyň heläk bolandygyny habar berýärler.

Nawi Pilleý Siriýada bolup geçýän wakalary “köpçülikleýin gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun parahat ilatyň garşysyna ulanylýan zorluklaryň prezident Başar al-Assadyň režiminiň kanunylygyny ýoga çykarýandygyny aýtdy.

Geçen hepde Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başar al-Assady iş başyndan çekilmäge we milli birlik hökümetini düzmäge çagyrýan rezolýusiýasyny böwetledi.

Siriýadaky ýagdaý boýunça ýakyn günlerde Amerikan hökümeti halkara duşuşygyny geçirip biler.

Ak Tamyň wekili Jeý Karniniň habar bermegine görä, gürrüň ozaly bilen Siriýada gandöküşligiň soňuna nokat goýmak, repressiýalara sezewar edilýän graždan ilata gumanitar ýardam bermek ýaly meseleler barada barýar. Maslahata siriýa oppozisiýasynyň wekilleriniň-de gatnaşjakdygyny Karni aýtdy.

Mundan öň Türkiýe-de Siriýa boýunça halkara konferensiýasyny özünde guranmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Çarşenbe güni Tähran Siriýada zamun alnan 29 eýranlynyň 11-siniň azat edilendigini habar berdi. Bu wakanyň jikme-jigi belli däl. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Huseýin Amir Abdollahiýanyň aýtmagyna görä, prezident Başar al-Assadyň režimine goldaw bermekden Tährany ýüz öwürmäge mejbur etmek üçin siriýa oppozisiýasy eýranlylary zamun alypdyr.
XS
SM
MD
LG