Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda NATO-nyň howa hüjümlerinde 8 çaga öldi


Owganystanyň Kapisa welaýatynda NATO güýçleriniň howa hüjümlerinde 8 çaga heläk boldy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu bolan wakany üzül-kesil ýazgardy, öz geňeşçisi Muhammet Zahir Safini wakanyň bolan obasyna iberdi we derňew geçirmegi tabşyrdy.

NATO-nyň komandowaniýesi 8-nji fewralda Kapisa welaýatynda howa hüjümleriniň amala aşyrylandygy faktyny penşenbe güni tassyklady. Bu işiň derňelýändigini habar berdi.

Halkara güýçleriniň harby operasiýalarynyň gidişinde ýene parahat owgan ilatyndan pidalaryň bolmagy owgan ýolbaşçylary bilen NATO güýçleriniň komandowaniýesiniň arasynda täze çynlakaý konflikte sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG