Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA-nyň synçylar missiýasynyň baştutany Aşgabada geldi


GDA-nyň synçylar missiýasynyň baştutany Sergeý Lebedew
GDA-nyň synçylar missiýasynyň baştutany Sergeý Lebedew
GDA-nyň synçylar missiýasynyň baştutany Sergeý Lebedewiň 9-njy fewralda Aşgabada gelendigini, şol gün ony Türkmenistanyň prezidentiniň kabul edendigini türkmen mediasy habar berýär.

12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna GDA-nyň missiýasynyň çagyrylmagyna minnetdarlyk bildirip, Lebedew soňky ýyllar Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygynda açyklyga we demokratiýa tarap pozitiw özgerişleriň bolandygyny nygtady diýlip, habar berilýär.

Lebedew prezidentlige dalaşgär sekiz kandidatyň programmalarynyň bir maksada jemlenip, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, onuň halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Şol gün Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna bardy we saýlawlara görlen taýýarlyklar bilen tanyşdy. Ol bazar güni boljak Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň erkin, demokratik saýlawlar boljagyna ynam bildirdi diýip, TDH ýazýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň gidişine synçy hökmünde gatnaşmaýar. Bu saýlawlara ýeke-täk halkara synçy hökmünde GDA-nyň synçylar topary gatnaşýar.

Sekiz dalaşgär, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek saýlawlar 12-nji fewralda bolar.

Ýerli we halkara synçylar bu saýlawlarda häzirki prezident Berdimuhamedowyň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjagyny çak edýärler.
XS
SM
MD
LG