Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň parlamenti tygşytlaýyş çärelerini makullady


Ýekşenbe güni Gresiýanyň parlamenti býujetiň defisitini kemeltmek baradaky täze çäreleri makullady. Olara döwlet wezipelerinde işleýänleriň bäşden bir böleginiň iş orunlary gysgaltmak we iň pes aýlyk haklaryny 22%-den gowrak azaltmak hem girýär.

Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos deputatlary bu çäreleri goldamaga çagyrdy.

“Biz ýurdumyzy goramaly. Biz muny etmesek, raýatlar bizi bagyşlamaz” diýip, Wenizelos aýtdy.

Mundan öň Afinada polisiýa parlamentiň jaýynyň ýanyna proteste çykanlara garşy gözden ýaş akdyryjy gaz ulandy. Protestçiler polisiýa daş we içi partlaýjy serişdeli çüýşeleri zyňdylar. Olar çaknyşanda onlarça adam ýaralandy.

Käbir habarlara görä, hökümetiň ýurtdaky krizise garşy täze çärelerine garşy Afinada 80 müň we Salonikide 20 müň çemesi adam proteste çykypdyr. Olar deputatlary aýlyklary we pensiýalary azaltmagy goldamazlyga çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşigi täze 130 milliard ýewrolyk maliýe kömegi üçin bu çäreleri talap edýär.

11-nji fewralda Gresiýanyň premýer-ministri Lukas Papademos deputatlara býujetiň defisitini kemeltmek baradaky nobatdaky ädimleriň tassyklanmazlygynyň öz ýurdy üçin betbagtçylyk boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG