Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO sekiz owgan oglanynyň öldürilendigini boýun alýar


Çarşenbe güni Owganystandaky NATO güýçleriniň resmileri 8-nji fewralda Kapisa welaýatynda sekiz sany ýaş oglanyň öldürilendigini boýun alyp çykyş etdiler.

NATO-nyň metbugat sekretary Maýk Wikston çarşenbe güni bu barada eden çykyşynda ýerli owgan we fransuz harbylarynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, bu öldürilen sekiz oglanyň elleri ýaragly barýarkalar hüjüme sezewar bolupdyrlar diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Maýk Wikston bu oglanlaryň 15-16 ýaşly oglanlar diýlip çaklanylýandygyny aýtsa-da, ýerli owgan resmileri olaryň 6 ýaş bilen 14 ýaşyň aralagyndaky çagalardygyny aýdýarlar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu bolan wakany berk ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG