Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukmanlar Timoşenkonyň oňurgasyna operasiýanyň zerur däldigini aýdýarlar


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, häzirki wagt tussaglykda oturan Ýuliýa Timoşenkonyň saglyk ýagdaýyny barlan halkara lukmanlar toparynyň ýerli agzalary Timoşenkonyň oňurgasyna operasiýanyň zerur däldigini aýdýarlar.

Bu halkara lukmanlar toparynyň başlygy, Ukrainanyň saglyk ministriniň orunbasary Raisa Moiseýenko penşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda Timoşenkonyň oňurgasyndan nemes lukmanlarynyň gryža, ýagny ingi tapandyklary barada habar serişdelerinde peýda bolan maglumatlaryň ýerliksiz maglumatdygyny aýtdy.

Şu hepde ýerli lukmanlar bilen bilelikde halkara lukmanlar topary hem Timoşenkonyň kamerasyna sapar edip, onuň saglyk ýagdaýyny barladylar. Ýöne daşary ýurt lukmanlarynyň anyk nähili netijä gelendikleri barada heniz resmi maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG