Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Pakistanyň resmileri bilen gepleşik geçirdi


Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Yslamabatda Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen parahatçylyk meseleleri barada gepleşik geçirdi.

Pakistanyň resmileri bu gepleşikde Owganystandaky harby konfliktleriň soňuna çykmak we “Talyban” söweşijileri bilen gepleşikleri ýola goýmak ýaly meseleleriň üns merkezinde bolandygyny habar berdiler.

Owganystandaky bu meseleleriň üstünlikli çözülmeginde Pakistanyň goldawyna-da örän köp zatlaryň baglydygynyň hem bu gepleşiklerde aýratyn nygtalandygy habar berilýär.

Bu wakanyň fonunda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad hem Pakistanyň we Owganystanyň prezidentleri bilen gepleşik geçirmek uçin penşenbe güni Yslamabada bardy.
XS
SM
MD
LG