Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda metjitleriň sany mekdepleriň sanyndanam köp


Anna güni Täjigistanyň Din meseleleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Mawlon Muhtorow bu ýurtda metjitleriň sanynyň mekdepleriň sanyndan-da köpdügini mälim etdi.

Bu barada eden çykyşynda Mawlon Muhtorow tutuş Täjigistanda 3 müň 425 sany aktiw ulanylýan adaty metjidiň, 344 sany ýerli musulmanlary birleşdirýän esasy metjidiň we 40 sany merkezi metjidiň bardygyny aýtdy. Şeýlelikde, metjitleriň umumy sany 3 müň 800-den hem gowrak bolýar.

Täjigistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä bolsa, bu ýurtdaky orta mekdepleriň sany 3 müň 793 sany.

Soňky wagtlar Täjigistanyň häkimiýetleri ýurtda ekstremistik yslamçy toparlaryň peýda bolmagyna alada bildirip, muňa garşy berk göreş alyp barýarlar.

2010-njy ýyldan bäri bu ýurtda gizlinlik bilen açylan metjitleriň we medreseleriň onlarçasy ýapyldy.
XS
SM
MD
LG