Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Azerbaýjany adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy


Ýewrowideniýe bäsleşiginden öň, halkara “Amnesty International” guramasy Azerbaýjany adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

2012-nji ýylda Baku şäherinde geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginden öň, 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri tussaglykda saklanýan hökümete garşy çykan 16 protestçiniň türmeden boşadylmagyny talap edip, adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy metbugat brifingini geçirdi.

Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasy boýunça bölüminiň direktory Jon Dalhuisen korrupsiýanyň we adamy zor bilen ýaşaýan ýerinden çykarmagyň, gynamagyň we zor salmagyň Azerbaýjanda giňden ýaýrandygyny belledi.

Geçen hepde “Human Rights Watch” guramasynyň beren maglumatyna görä, maý aýynda geçirilmeli Ýewrowideniýe bäsleşigi “adamlary bikanun zor bilen ýaşaýan ýerlerinden çykarmak, ýerli ýaşaýjylaryň ýaşaýan öýlerini ýumrup, ýüzlerçe adamy öýsüz goýmak” ýaly ýagdaýlar bilen utgaşypdyr.

Şol bir wagtyň özünde, prezident administrasiýasynyň uly resmi wekili Ali Hasanow duşenbe güni eden çykyşynda Ýewrowideniýe bäsleşiginiň, öz aýdyşy ýaly, “syýasylaşdyrylmagyny” ýazgardy.
XS
SM
MD
LG