Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ministrliklere täze ýolbaşçy belledi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň düzümini täzelemek boýunça birnäçe täze permana gol çekdi.

Prezidentiň gol çeken bu karary bilen, Serdar Berkeliýew Türkmenistanyň awtomobil transporty ministri wezipesine, Baýramgeldi Öwezow aragatnaşyk ministri wezipesine, Baýram Annameredow demirýol transporty ministri wezipesine, Baýar Abaýew söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri wezipesine, Aýnabat Babaýewa tekstil-senagaty ministri wezipesine, Nökerguly Atagulyýew Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine, Merdan Aýazow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.

Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurduň başga-da käbir ýokary wezipelerine täze adamlary bellemek barada kararlara gol çekdi.
XS
SM
MD
LG