Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

30 müň ýyllyk tohum täzeden janlandyryldy


“Silene Stiofilla” diýlip atlandyrylýan bu ot Ýer şarynda diri galan iň gadymy otdur.
“Silene Stiofilla” diýlip atlandyrylýan bu ot Ýer şarynda diri galan iň gadymy otdur.
Ýakynda orsýetli alymlar Sibiriň ýer astyndaky baky doňaklygyndan tapylan we 30 müň ýyldan gowrak wagtlap saklanan tohumy täzeden janlandyryp, gadymy ösümligi ösdürmegi başardylar. Bu ylmy tejribe gadymyýetde ýitip ýok bolup giden beýleki organizmleri gaýtadan janlandyrmak işine-de ýol açmagy mümkin diýlip hasaplanylýar.

Orsýetiň ylmy merkeziniň laboratoriýasynda janlandyrylan bu ot adaty meýdan oty ýaly bolup görünýär. Ýöne “Silene Stiofilla” diýlip atlandyrylýan bu ot Ýer şarynda diri galan iň gadymy otdur.

Ýakynda orsýetli alymlaryň bir toparyna 30 müň ýyldan hem gowrak mundan ozal ýerin astynda baky doňaklykda galan bu otuň görnüşini tutuşlygyna gaýtadan direltmeklik başartdy. Gaýtadan direldilen bu otlar indi hatda gül getirip, tohum döretmäge ukyply.

Orsýetli alymlaryň gazanan bu üstünligi gadymy taryhda ösen beýleki ösümlikleriň görnüşlerini täzeden direltmeklige tarap hem ýol açýar.

Bu täze tapylan ösümligiň üstünde işlän alymlardan biri Swetlana Ýaşina bu geçiren tejribeleri barada durup geçip şeýle diýýär:

—Munuň özi baky doňaklygyň tebigy sowadyjy kameranyň roluny oýnaýandygyny görkezýär. Eger bu ugurda ýene barlaglar dowam etdirilse, biz ýaşaýşa ukyply has köp materiallary ýüze çykaryp bileris.

Bu tejribede alymlar Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Ýakutiýa regionynda ýeriň astyndaky doňaklyklardan tapylan norka alakalaryny öwrenýärkäler gadymy tohumlaryň we miwe galyndysynyň üstünden bardylar.

Bu tapylan tohumlar 30 metr töweregi galyňlykdaky buzuň astynda, ortaça minus 7 gradus töweregi sowuklykda we daşarky atomosferadan doly izolirlenen şertde saklanypdyr.

Bu tapylan tohumlary alymlar Moskwanyň etegindäki ylmy laboratoriýada täzeden janlandyrmaga synanyşypdyrlar. Bu ugurdaky başky synanyşyk başar barmansoň, olar bu ösümligiň miwesinden plasent dokumalaryny alyp, ony amatly şertler döredilen ýörite jamjagazlara ýerleşdiripdirler.

Bu ylmy toparyň agzasy Swetlana Ýaşina geçirilen tejribäniň netijesinde ösüp başlan bu otuň onuň häzirki bar bolan häzirkizaman görnüşinden birneme tapawutlanýandygyny aýdýar:

—Biz 30 müň ýyl ýaşy bolan bu ösümligiň häzirki zamanda bar bolan öz görnüşinden az-owlak tapawutlanýandygyny gördük. Mysal üçin, olaryň ýapraklarynyň keşbinde-de tapawut bar. Şeýlelikde, biz özboluşly bir mikro-ewolýusiýanyň netijesini görýäris.

Swetlana Ýaşinanyň we onuň alym kärdeşleriniň öz gazanan bu netijeleri barada ýazan makalasy şu hepde Birleşen Ştatlarda neşir edilýän “Proseedings of the National Academy of Sciences” atly žurnalynda çap edildi.
XS
SM
MD
LG