Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Almaty şäherinde uly gerimde demonstrasiýa geçirildi


Şenbe güni Gazagystanyň Almaty şäherinde oppozision aktiwistler “Ylalaşmazlyk güni” ady bilen protest demonstrasiýasyny gurnadylar.

Irden müňe golaý protestçiniň öňüne polisiýa güýçleri böwet bolup, protestçileriň Almatynyň merkezi meýdançasynda demonstrasiýa geçirmeklerine ýol bermediler. Emma muňa garamazdan, demonstrasiýa şäheriň esasy transport ýolunyň gyrasynda dowam etdi.

Protestçiler raýatlaryň kanuny syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna çagyryş edip, çykyş etdiler.

Käbir oppozisiýa liderlerini bu demonstrasiýa gatnaşdyrmazlyk üçin, Gazagystanyň polisiýasy olary şenbe güni irden tussag astyna aldy.
XS
SM
MD
LG