Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada “Türkmenistan” parky açylar


Ankaradaky parkda beýik türkmen klassyk şahyry Magtymguly-Pyragynyň ýadygärligi-de ýerleşdiriler.
Ankaradaky parkda beýik türkmen klassyk şahyry Magtymguly-Pyragynyň ýadygärligi-de ýerleşdiriler.
Şu geljek hepde Türkiýäniň paýtagty Ankarada “Türkmenistan” parky açylyp, onda beýik türkmen klassyk şahyry Magtymguly-Pyragynyň ýadygärligi ýerleşdiriler.

Bu barada hepdäniň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow eden çykyşynda mälim etdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň hormatyna döredilen bu parkyň açylyş dabarasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä etjek saparyna gabatlanylyp gurnalar.

Berdimuhamedowyň Türkiýä etjek bu saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmek meseleleri boýunça ýokary derejede gepleşikler geçiriler diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, bu resmi sapara gabatlanylyp, Türkiýede ençeme medeni çäreleriň, şol sanda iki ýurduň aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert programmalarynyň-da gurnaljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG