Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Polşanyň, ÝB-niň ilçilerini ýurtdan çykarýar


ÝB-niň Belarusdaky delegasiýasynyň başlygy Maira Mora hem ýurtdan çykarylýar, 28-nji fewral.
ÝB-niň Belarusdaky delegasiýasynyň başlygy Maira Mora hem ýurtdan çykarylýar, 28-nji fewral.
Belarusyň Daşary işler ministrligi Polşanyň we ÝB-niň ilçilerini ýurtdan çykarýar. Bu barada ýörite beýanat ýaýradyldy.

Belarus özüniň ÝB-däki diplomatlaryny hem “geňeşmek” maksady bilen yzyna çagyrýandygyny aýdýar.

ÝB-niň wekilleri 27-nji fewralda geçirilen maslahatda Belarusda oppozisiýa garşy repressiýalaryň dowam etdirilmegi bilen bagly Lukaşenkonyň režimine garşy goşmaça sanksiýalary girizmek babatda ylalaşdylar.

Belarus hökümetiniň ÝB-niň diplomatlaryny ýurtdan çykarmagy bu sanksiýalara jogap diýlip çaklanýar.

ÝB-niň 27 ýurdunyň baş diplomatlary Ýewropa syýahat etmek gadagançylygyny ýene 21 belarus resmisine garşy girizmek babatda ylalaşdylar. Olardan 19-nyň sudýa, ýene ikisiniň bolsa polisiýa ofiseridigi habar berilýär.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda özlerine garşy goşmaça sanksiýalary girizmek bilen Ýewropa Belarusa garşy açyk basyş görkezmek syýasatyny dowam etdirýär diýlip bellenilýär.

Belarus tarapy Brýusseli deňlik hem birek-biregi hormatlamaga esaslanan dialogy ýola goýmaga çagyrýar.
XS
SM
MD
LG