Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ generaly Pakistan marşrutynyň zerurdygyny aýtdy


Pakistanyň häkimiýetleri Owganystandaky halkara güýçler üçin ýük daşalýan ýollaryny geçen ýylyň ahyrynda ýapypdy.
Pakistanyň häkimiýetleri Owganystandaky halkara güýçler üçin ýük daşalýan ýollaryny geçen ýylyň ahyrynda ýapypdy.
Transport meseleleri bilen meşgullanýan ýokary derejeli amerikan harby resmisi general Uilýam Freýzer 2014-nji ýyla çenli amerikan goşunlaryny Owganystandan çykarmak üçin Pakistan marşrutynyň açylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

26-njy noýabrda Pakistanyň Owganystan bilen serhedine golaý etrabynda NATO güýçleriniň howadan uran zarbasynda 24 sany pakistan esgeri heläk bolansoň, bu ýurduň häkimiýetleri Owganystandaky halkara güýçler üçin ýük daşalýan ýollaryny ýapdy.

28-nji fewralda ABŞ-nyň Senatyndaky komitetde eden çykyşynda general Uilýam Freýzer Täjigistan, Gyrgyzystan we Gazagystan bilen esgerleriň Owganystandan çykarylmagy boýunça gepleşik geçirilendigini, bu ýurtlaryň ýaragdan başga hemme ýüki öz territoriýalarynyň üsti bilen geçirmäge rugsat edenliklerini aýtdy.

General Owganystandan harby enjamlary çykarmak üçin özleriniň Özbegistanyň hem Orsýetiň territoriýasyndan peýdalanmaga rugsat alandyklaryny aýtdy.

Hepdäniň çarşenbe güni Britaniýanyň goranmak ministri Filip Hommand Özbegistana eden saparynda bu ýurduň häkimiýetleri bilen britan enjamlaryny Özbegistanyň üsti bilen çykarmak barada ylalaşdy.

28-nji fewralda bolsa Britaniýanyň goranmak ministri gazak resmilerinden ýüki howa arkaly geçirmäge rugsat aldy.
XS
SM
MD
LG