Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde howpsuzlyk çäreleri berkidildi


Gyrgyzystanyň Oş şäherinde 1-nji martda geçiriljek demonstrasiýalar we 4-nji martda ýerli häkimiýetlere geçiriljek saýlawlar bilen bagly howpsuzlyk çäreleri berkidildi.

Özbek milletlileriň köp ýaşaýan ýeri bolan Oşda 2010-njy ýylda ýerli gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda konflikt ýüze çykypdy. Şonda 450 adam heläk bolup, müňlerçe öý otlanyp, weýran edilipdi.

1-nji martda geçiriljek demonstrasiýalaryň öňüsyrasynda Oşda tertip düzgüne gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygy aýdylýar.

Oşuň prokurorlary şäher häkimi Melis Myrzakmatowy “howpsuzlygy, syýasy durnuklylygy we asudalygy” saklamak üçin zerur bolan çäreleri görmäge çagyrdy.

4-nji martda geçiriljek saýlawlarda ilat 45 orundan ybarat şäher geňeşine deputatlary saýlamak üçin 8 partiýanyň wekillerinden iň mynasyplaryna ses berer.
XS
SM
MD
LG