Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG-niň başlygy Eýran barada “çynlakaý alada” bildirdi


Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň direktory Ýukiýa Amano “Eýranyň atom ýaragyny öndürmek boýunça gizlin iş alyp barýan bolmagy ähtimal” diýip, muňa BMG-niň ýadro gözegçilik edýän edarasynyň çuňňur alada bildirýändigini aýtdy.

Geçen ýyldan bäri Eýran urany baýlaşdyrmak işini aýda üç esse artdyrdy, bu bolsa oňa atom ýaragyny döretmäge mümkinçilik berýär diýip, Amano belledi.

Amano bu beýanatyny HAEG-niň 35 döwletiň wekillerinden ybarat geňeşiniň duşenbe güni Wenada geçirýän maslahatynda etdi.

Halkara Atom Energiýasy Gullugyna agza döwletlere ýollan dokladynda Amano Eýrana fewral we ýanwar aýlarynda iki saparyň gurnalandygyny, ýöne şol saparlaryň Tähran bilen “esasy gapma-garşylyklary” çözmändigini aýtdy.

Tähran özüniň atom ýaragyny öndürmek boýunça hiç hili iş alyp barmaýandygyny tekrarlaýar.
XS
SM
MD
LG