Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýranda entek diplomatiýa işläp biler diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama dünýä güýçleri bilen Eýranyň arasynda ýurduň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň dikeldilmegi meseläni diplomatik ýol arkaly çözmekde ýene bir “pursata penjiräniň” açylandygyny görkezýär diýip, Ak Tamda 6-njy martda geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Barak Obama Siriýa meselesi boýunça hem çykyş etdi. Obama golaýda ABŞ-nyň ýokary derejeli senatorlary Jon MakKeýniň (Arizona), Lindseý Grehemiň (Günorta Karolina) hem-de Jozef Libermanyň (Konnektikut) ABŞ-nyň Siriýa garşy howa hüjümini etmek barada aýdanlaryna jogap edip, prezident Başar al-Assadyň hökümetini agdarmak üçin birtaraplaýyn harby operasiýany amala aşyrmaklygyň “ýalňyş” hereket boljakdygyny aýtdy.

—Käbirleriniň teklip edişi ýaly ýa-da haýsy-da bolsa bir ýeňil çözgüdi bardyr öýdüp, birtaraplaýyn harby operasiýany geçirmek, meniň pikirimçe, ýalňyş hereket bolar—diýip Obama Ak Tamda eden çykyşynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG