Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Putiniň ýeňiş gazanmagyna garşy protest geçirildi


Moskwanyň Nowyý Arbat köçesinde, 10-njy mart.
Moskwanyň Nowyý Arbat köçesinde, 10-njy mart.
Moskwada ençeme müň adam 4-martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Wladimir Putiniň ýeňiş gazanmagyna garşy protest geçirdi.

Demonstrantlaryň ellerinde ak şarlar we plakatlar bolup, olaryň ýüzlerinde geçen dekabrda geçirilen parlament we martdaky prezidenlik saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny öňe sürýän ýazgylar ýerleşdirildi.

Demonstrasiýanyň geçýän ýerinde köp sanda polisiýanyň bardygyny Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Tom Balmfort habar berdi:

—Nowiý Arbatda men içinde polisiýa işgärleri oturan 19 awtobusy we ýük ulaglaryny gördüm. Ýokarda polisiýanyň wertolýoty hem bar. Meniň pikirimçe, ol polisiýanyňky bolmaly, sebäbi Moskwanyň üstünden uçmaga rugsat berlenok.

4-nji martda geçirilen saýlawlarda Putin sesleriň 63% töweregini alyp, ýeňiş gazanypdy. Halkara gözegçileri saýlawlaryň esasy ugrunyň Putiniň haýryna gönükdirilendigini öňe sürdiler.

Ors oppozisiýasy Moskwada protest geçirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:13 0:00

Oppozisiýa lideri Wladimir Ryžkow şenbe güni protestçilere ýüzlenip, saýlawlaryň “bikanun” bolandygyny aýtdy:

—Biz giň syýasy reformalaryň we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap etmegi dowam etdireris.

Demonstrasiýa gelenleriň köpüsi oligarh Mihail Prohorowyň tarapdarlarydy. Ol, saýwlaryň netijelerine görä, üçünji ýeri almagy başarypdy.

Demonstranlaryň biri, 49 ýaşly telekeçi Sergeý şeýle gürrüň berdi:

—Şu günki protestlere az sanda adamalaryň gelmegi maňa bildirenok. Köçelere çykýanlaryň sanynyň azaljakdygyny çaklamak kyn däldi. Sebäbi, bu ýere ýygnanlaryň ählisi işli-güýçli adamlar. Mysal üçin, meniň öz biznesim bar. Beýlekileriň hem köp aladalary bar. Biziň her hepde gelip, protest geçirmäge wagtymyz ýok.

Protestleriň dowamynda onlarça adamyň tussag edilendigi hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG