Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Salamworld” dünýä musulmanlaryny özüne çekmegi maksat edinýär


"Salamworld" saýtynyň nyşany
"Salamworld" saýtynyň nyşany

Arap döwletlerindäki bahar gozgalaňlarynyň ilkinji günlerinde planlaşdyrylan täze sosial aragatnaşyk ulgamy dünýädäki musulmanlary pornografiýa, yslama garşy hüjüm we syýasat ýaly meselelere degişli bolmadyk bir ugurdan birleşdirmekçi bolýar. Emma käbir musulmanlar muňa ynamsyzlyk bilen garaýarlar.


“Salamworld” – özüni tutuş dünýädäki musulmanlar üçin sosial aragatnaşyk ulgamy hökmünde tanatmaga çalyşýar. Bu resurs öňki sowet respublikalaryndan gelip çykan hususy şirket tarapyndan dolandyrylýar.

“Salamworld”, awgust aýynda işläp başlansoň, özüniň “Facebook” ýaly sosial aragatnaşyk ulgamlaryna meňzeş bolmajagyny, sebäbi özüniň yslam kada-kanunlaryna laýyklykda hereket etjegini wada berýär.

Bu internet resursy öz ulanyjylaryna yslam mazmunly maglumatlary hödürlejegini, şol sanda internetde yslam kitaphanasyny, yslam dindarlarynyň wagyzlaryny, şeýle-de musulmanlar tarapyndan musulmanlar üçin döredilen kompýuter oýunlaryny teklip etjegini aýdýar.

Başda Moskwanyň we Kairiň Yslam medeni merkezlerinde, soňra Stambulda öz edaralaryny açan “Salamworld” üç ýylyň dowamynda özüne 30 million adamy çekmek isleýänligini aýdýar.

Howatyrlanmalar

Emma käbir musulmanlar “Salamworldyň” Moskwa we beýleki postsowet döwletleriniň hökümetleri bilen gatnaşyk saklamagyndan howatyr edýärler.

Olar şeýle-de şirketiň 50 million dollardan ybarat maliýe üpjünçiliginiň kim tarapyndan amala aşyrylýanlygyny bilmek isleýärler. Şirket “Gazagystanly hususy biznesmenler” diýip bellän çeşmeleriniň üstüni açmagy wada beren hem bolsa, bu maglumat heniz ýapyklygyna galýar.

Noori Wali “Owgan-german onlaýn” atly internet neşirine ýolbaşçylyk edýär. Bu neşir dünýädäki owgan bosgunlary üçin işleýär. Noori Wali Moskwa bilen baglanyşygy bolan islendik proýekte owganlaryň ynamsyz garaýandyklaryny aýdyp, özüniň bu proýekte hem owgan hem musulman hökmünde garaýanlygyny belleýär.

Waliniň sözlerine görä, ol bu proýekte yslama peýda getirmän, tersine, zyýan ýetirip biljek we yslamyň abraýyny peseldip biljek pirim hökmünde garaýar.

Azerbeýjanly blogger Adnan Hajizade Azerbaýjanyň hökümetini ýaňsylanlygy sebäpli 2009-njy ýylda bir ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol hem “Salamworld” internet neşiri bilen bagly bildirilýän howatyrlanmalara duş gelenligini aýdýar:

—Men henizem muňa biznes proýekti hökmünde garaýaryn, emma “Facebook” arkaly käbir musulmanlardan eşidişime görä, olar “Salamworld” aragatnaşyk ulgamyna goşulmakçy däl, sebäbi olar bu ulgamyň dünýäniň dürli künjeklerindäki aktiw musulmanlary anyklap, olara gözegçilik etmek we yzarlamak ýaly çäreleri göz öňünde tutýan güýçleriň döreden bolmagyndan howatyrlanýarlar. Emma muňa hiç hili subutnama ýok.

“Salamworldyň” ýolbaşçylarynyň şahsyýeti-de has köp aladalanma döredýän meseleleriň biri. Kompaniýanyň baş müdiri Abdyl Wahid Nyýazow Moskwada ýerleşýän Yslam medeniýetiniň merkezine ýolbaşçylyk edýär. Bu medeni merkez bolsa Orsýetiň Müftüler Geňeşiniň jemgyýetçilik bölümi hökmünde iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG