Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar taryhynyň Aýyny belleýär


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar taryhynyň Aýyny sungat eserleriniň sergisi we ABŞ-dan gelen alymyň sapary bilen belleýär.

Bu çäräniň çäginde Oswego şäherinde ýerleşýän Nýu-Ýorkuň Döwlet Uniwersitetiniň meşhur professory we zenanlar taryhy boýunça bilermeni doktor Žeraldin Forbs 11-nji – 17-nji mart aralygynda sapar bilen Türkmenistana barýar.

Amerikan ilçihanasynyň habar bermegine görä, doktor Forbs Türkmenistanyň okuw jaýlarynda zenanlar taryhyna we olaryň hukuk deňligi ugrundaky göreşine bagyşlanan birnäçe prezentasiýalary geçirer.

Maglumata görä, doktor Forbs Türkmenistanyň zenanlarynyň taryhyna bagyşlanan türkmen sungatynyň we fotosuratlarynyň sergisiniň taýýarlanyş işine we onuň açylyşyna gatnaşar. Bu çäre Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde gurnalýar.

1987-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi ýurduň taryhyna we häzirki zaman jemgyýetine zenanlaryň goşan goşandy üçin mart aýyny zenanlar taryhynynyň Aýy diýip yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG