Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde Türkmenistan-Ýewropa halkara forumy açyldy


14-nji martda Berlinde “Türkmenistan-Ýewropa: hyzmatdaşlygyň perspektiwalary” atly halkara konferensiýasy açyldy.

Forumda Türkmenistan tarapyndan Nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrligi, Türkmenistanyň söwda-senagat öýi çykyş edýär.

Resmi türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, halkara konferensiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň nebit-gaz, himiýa senagaty we balyk hojalygy boýunça wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gatnaşýar.

Bu halkara konferensiýada Türkmenistan bilen Ýewropanyň dürli ugurlar boýunça dialogyny ösdürmek meseleleri, Türkmenistanyň energetika we transport potensialy, onuň inwestisiýa mümkinçilikleri, milli ykdysadyýete inwestisiýa ýatyrylmagynyň perspektiwalary barada maslahat ediler.

Bu forumyň dowamynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy barada täze maglumatlar berler we biznes gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça bu pudagyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiriler diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG