Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew bilen Putin "Izwestiýany" 95 ýyllygy bilen gutlady


14-nji martda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we premýer-ministri Wladimir Putin gündelik “Izwestiýa” gazetiniň neşir edilip başlamagynyň 95 ýyllygy mynasybetli gazetiň işgärlerine öz gutlaglaryny ýolladylar.

Putin “Izwestiýany” “örän möhüm wakalar barada maglumat bermekde” professionallygy üçin öwdi. Medwedew bolsa gazeti “wajyp maglumatyň we möhüm analizleriň” çeşmesi diýip atlandyrdy.

“Izwestia” gazeti, “Prawda” bilen birlikde, Orsýetiň örän meşhur metbugat serişdesidir. Munuň bir sebäbi, olar 1917-1991 ýyllarda sowet hökümetiniň baş münberi bolup hyzmat edipdiler.

2005-nji ýylda “Izwestiýa”gazetini “Gazprom Media” satyn aldy.
XS
SM
MD
LG