Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazanyň polisiýa başlygy adam gynama dawasy bilen bagly wezipesinden boşadyldy


Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew Kazan şäheriniň polisiýa edarasynyň başlygyny wezipesinden boşatdy.

Şol polisiýa merkeziniň ofiserlerine 52 ýaşly Sergeý Nazarowy izolýatorda şampan çüýşesi bilen zorlanlykda günä bildirilýär.

Nazarowyň keselhanada aradan çykmagy jemgyýetde ýiti reýaksiýa döretdi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Tatarystanyň içeri işler ministrini wezipeden çekilmäge çagyrýarlar.

14-nji martda Orsýetiň içeri işler ministri Nurgaliýew 52 ýaşly Nazarowyň urlandygy we zorlanandygy aýdylýan “Dalniý” polisiýa edarasynyň başlygy Sergeý Ýefremowy wezipesinden boşatdy.

Nurgaliýew şu waka bilen bagly Tatarystanyň içeri işler ministri Asgat Safarowa berk käýinç yglan edendigini hem aýdýar.

Häzire çenli şol waka bilen bagly polisiýanyň 5 ofiseri işden boşadyldy. Olar öz wezipelerinden galp peýdalananlykda, Nazarowy tussag etmek baradaky dokumentleri galplaşdyranlykda we onuň bedenine bilkastlaýyn agyr ýara salanlykda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG