Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanyň Buýnaks şäheriniň ymamynyň janyna kast edildi


Anna güni Orsýetiň polisiýasy Dagystanyň Buýnaks şäheriniň merkezi metjidiniň ymamynyň we onuň janpenasynyň öldürilendigini mälim etdi.

Maglumata görä, metjidiň ymamy Gitinmagomed Abdulgapurow we onuň janpenasy anna güni elde ýasalan bomba arkaly amala aşyrylan bir partlamada wakanyň pidasy bolupdyr.

Radikal yslamçylara garşy ýiti tankytlary bilen tanalýan Gitinmagomed Abdulgapurowa näbelli adamlar tarapyndan ölüm haýbatynyň atylmagy sebäpli, soňky wagtlar ol häkimiýetleriň goragy astynda ýaşaýardy.

Onuň ölümi soňky iki ýylyň dowamynda Dagystanda öldürilen bäşinji ymamyň ölümi hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG