Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ýadro howpsuzlygy babatda Nazarbaýewden hoşal


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýadro materiallarynyň howpsuzlygy babatda alyp barýan işleri üçin Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewi öwdi.

Obama Nazarbaýew bilen duşenbe güni Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirilýän halkara sammitiň çäklerinde duşuşdy.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Gazagystanyň häkimiýetleri 1991-nji ýylda SSSR dargandan soň galan 13 tonnadan gowrak ýokary derejede baýlaşdyrylan urany we plutonini ABŞ-nyň kömegi bilen “howpsuzlandyrypdyrlar”.

Duşenbe güni Seulda eden çykyşynda Obama öz ýadro materiallaryny has howpsuz ýerlere geçirmekde edýän işleri üçin Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden hoşaldygyny aýtdy.

"Dünýä boýunça müňlerçe funt ýadro materiallary goragsyz ýerlerden aýryldy", olaryň terrorçylaryň ýa-da ýadro ýaragy boýunça programma alyp barmak isleýän döwletleriň ellerine düşmek mümkinçiliginiň öňi alyndy diýip, Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG