Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenlerde düýedarçylyk


Ýazgulyýew: "Ata-babalarymyz daş ýerdäki ildeşleri bilen düýe alyş-çalşygyny edip, öz düýeleriniň ganyny täzeläpdirler".
Ýazgulyýew: "Ata-babalarymyz daş ýerdäki ildeşleri bilen düýe alyş-çalşygyny edip, öz düýeleriniň ganyny täzeläpdirler".
Türkmenler “Düýe maly – dünýe maly“, “Düýeli baý – dünýeli baý” diýip, düýe malyna uly hormat goýupdyrlar. Sebäbi düýäniň hiç bir yrýa zady ýok. Düýäniň eti hem süýdi dermanlyk häsiýete eýedir.

Düýe eti epgek-gyzgynyň garşysyna göreşmek üçin dermanlyk saýylýar. Çünki düýe tomsuň tüp yssysynda gezýär hem bir hepdeläp suwsuz oňup bilýär.

Düýe süýdi ynsanyň bedeniniň berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi saýylýar. Onuň düzüminde dürli ýaglar bar. Düýe çaly bolsa teşneligi gandyrmaga peýdaly. Şeýle hem öýkendir-böwrek keselleriniň bire-bir emi hasaplanýar. Düýe ýüňünden edilen egin-eşikler jana şypaly hem ýakymly. Düýe ýüňünden edilen saçak mukaddes hasaplanýar. Düýe ýüňi, umuman, mukaddes görlüp, ondan aýak astyna oklanmajak zat dokalýar.

Ata-babalarymyz ondan-oňa göçenlerinde, düýäni ýük maly hökmünde peýdalanypdyrlar. Şonuň üçin her bir türkmeniň gapysynda aty hem iti bolşy ýaly, düýesi-de bolupdyr. Çarwa türkmenler ondan-oňa göçenlerinde, öý-goşlaryny düýä ýükläpdirler. Bir gara öý bir düýä ýük bolupdyr.

Ýöne düýäniň tohumlanyşya dogry seredilmese, onuň ownap, wagtyň geçmegi bilen hiç zada ýaramsyz mal boljagy-da belli zat. Muňa gowy düşünen ata-babalarymyz daş ýerdäki ildeşleri bilen düýe alyş-çalşygyny edip, öz düýeleriniň ganyny täzeläpdirler.

Türkmenleriň arasynda düýeleriň arwana hem bugra tohumlary gowy saklanyp galypdyr.

Biziň günlerimize gelip ýeten düýeleriň arwana hem bugra tohumy çarwaçylygynda gazanylan üstünliklerden biri hasaplanýar.
Biziň günlerimize gelip ýeten düýeleriň arwana hem bugra tohumy çarwaçylygynda gazanylan üstünliklerden biri hasaplanýar.
Pederlerimizde heşdek düýeler, ýagny bugra adam diline düşünýär diýen ynanç bolupdyr. Halk ertekisindäki Akpamygyň ölen doganlaryny direltmek üçin, akmaýanyň süýdüni aljak bolmagy ýöne ýere däldir. Akmaýanyň süýdi öleni direldip bilmese-de, ajaly ýetmedige sebäp bolupdyr. Sürüde heşdek düýe, ýagny bugra bolsa çopan geregem bolmandyr. Çünki heşdek düýe sürä erk etmegi başarypdyr. Şonuň üçin sürüden haýsy düýe satylsa-da, heşdek düýe satylmandyr. Eger zerurlyk bilen heşdek satylsa, onda başy giden düýe sürüsi köplenç dargaýar eken.

Bogaz düýelere aýratyn gözegçilik edilipdir. Olardan hor düşenlerine aýratyn iýmit berlipdir. Olar agralandan soň uzak örülere sürülmändir. Köşegi sagdyn bolsun diýip, köplenç sagylmandyr.

Süýtli akmaýanyň ähli süýdüni köşegi emip ýetişmedik wagtynda, onuň süýdi seçelenip ýere damýar. Akmaýanyň süýdi daman toprak besse-besse bolup, mese-mälim akjaryp durýar ekeni. Synçy adamlar akjaryp duran topraga gözi düşüp, sürüde heşdek tohumyndan bolan akmaýanyň bardygyny bilipdirler. Hut şonuň üçin pederelerimiz Asmandaky ap-ak ýyldyzlar toplumyna Akmaýanyň ýoly diýip at beripdirler.

Gelin toýlarynda hem, eger bar bolsa, akmaýa kejebe salypdyrlar. Gelni akmaýanyň üstündäki kejebede getiripdirler. Sebäbi akmaýa iň döwletli mal saýylypdyr.

Mahlasy, düýe malyny saklamak türkmenleriň arasynda aýratyn sungat saýylýar. Pederlerimiziň düşünjesinde düýäniň piri Soltan Weýis hasaplanyp, onuň adyna sadaka hem berlýär.

Biziň günlerimize gelip ýeten düýeleriň arwana hem bugra tohumy çarwaçylygynda gazanylan üstünliklerden biri hasaplanýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG