Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy 29 ýaşly migrant işçi Bahodir bilen söhbetdeş boldy. Ol özüniň şu hepde Moskwadaky bazarda ýangyn bolanda ölen 17 adamyň dostudygyny we kärdeşidigini aýdýar. Diňe adynyň tutulmagyny islän Bahodir özüniň, ýaňy-ýakyna çenli-de ýangynda ölen dostlary ýaly, demir wagonda ýaşandygyny aýdýar.
Täjigistanly etnik özbek Bahodir bilen Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky žurnalisti Umedjon Babamatow söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Eýse, olaryň ýaşaýyş şertleriniň nähili bolandygy barada näme aýdyp bilersiňiz?
Bahodir: Ol içi agaçdan edilen adaty demir wagondy. Onyň birinji gatynda 6 adam ýatar ýaly ýer we ikinji gatynda hem birnäçe adama ýatara ýer bardy. Ol kiçijik bir otaga meňzeýärdi. Demir wagonyň öň tarapynda gapy bardy. Wagonda kiçijik wanna we hajathana hem bardy. Ol ýerde suw ýokdy. Olar suwy satyn alýardylar we uly çelege guýup goýýardylar.
Azatlyk Radiosy: Ýangynyň döremegine gyzdyryjy elektrik enjamyň ulanylmagynyň sebäp bolmagynyň mümkindigi habar berilýär.
Bahodir: Elbetde, olar gyzdyryjy elektrik enjamy ulanýardylar. Çünki demir wagon merkezi merkezi ýyladyş sistemasyna çatylmandy. Olar elektrik enjamyny egin-eşiklerini guratmak üçin ulanýardylar. Olaryň iş režimi ýokdy. Olar, adatça, giçlige çenli käte bolsa gije-gündiz işleýärdiler.
Azatlyk Radiosy: Seniň pikiriňçe, olar nämüçin ýangyndan halas bolup bilmediler? Olaryň wagondan çykyp gaçmagyna näme päsgel berdikä?
Bahodir: Demir wagonyň ikinji gatynda 17 adam ýatýardy. Ikinji gata çykylýan basgançaklar tagtadandy. Şol basgançaklaryň aşagynda gyzdyryjy elektrik enjamy durýardy. Eger şol gyzdyryjy elektrik enjamy we basgançaklar ýanan bolsa, onda ikinji gatdakylaryň halas bolmaga mümkinçiligi ýok. Demir wagonyň ne birinj, ne-de ikinji gatynda penjire bardy. Wagonda ýeke-täk çykalga bardy. Şol basgançaklar ýanyp başlandan, oglanlar kömek sorap gygyryşypdyrlar. Emma olara hiç kim kömek etmändir we birinji gatdakylar gaçyp gidipdirler. Ikinji gatdakylar diriligine ýandylar.
Azatlyk Radiosy: Ol ýerde näçe adam ýaşaýardy?
Bahodir: Demir wagonyň birinji gatynda 6 adam, ikinji gatynda 17 adam ýaşaýardy. Onuň öň ýanynda başga wagonlaram bardy. Ol ýerde 7-8 töweregi adam ýaşaýardy. Olar kömek etmäge synanyşypdyrlar. Emma, olar eýýäm giçdigini görüpdirler. Olar öz janyndan gorkup, aga-ini bolan 17 adamy taşlap, gaçypdyrlar.
Azatlyk Radiosy: Eýse, ýangynda ölenleriň ählisi bir maşgaladanmydy?
Bahodir: Howa, olaryň ählisi bir obadandy. Olaryň arasynda aga-iniler we doganoglanlar hem bardy. Olar Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň Kumkurgon etrabynyň Hojamülki obasyndan gelipdiler.
Azatlyk Radiosy: Olar näçe ýaşlaryndadylar?
Bahodir: Olar ýaşdy. Olaryň aglabasy 19-20 we 22 ýaşlylardy. Olaryň arasynda bir uly ýaşly bardy. Ol meniň dostumdy we 29 ýaşlydy. Şeýle-de olaryň arasynda Siroj atly biri bardy. Golaýda onuň Özbegistanda ogly boldy. Siroj ogluny görmek üçin öýüne gitmegi arzuw ederdi. Emma oňa ogluny görmek nesip etmedi.