Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada hökümet güýçleri adaty raýatlary jezalandyryp öldüripdir


Siriýanyň hökümeti aglabasy adaty raýatlar bolan ýüz çemesi adamy jezalandyryp öldüripdir. Bu barada adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy habar berýär.

Guramanyň duşenbe güni çap bolan hasabatynda bellenmegine görä, bularyň arasyna soňky dört aýyň dowamynda, esasan hem mart aýynda ýurduň Homs we Idlib şäherlerinde amala aşyrylan jezalandyryp öldürmeler girýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň öňe sürmegine görä, bu sanlar diňe şaýatlaryň tassyklan maglumatlary esasynda taýýarlanypdyr, emma HRW şuňa meňzeş wakalar barada özüne başga-da maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG