Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýada Merkezi Aziýanyň meseleleri barada maslahat geçiriler


16-17-nji aprelde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Awstriýanyň Içeri işler ministrligi, Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň neşelere hem jenaýatçylyga garşy göreş edarasy we guramanyň ösüş programmasy Merkezi Aziýanyň serhet howpsuzlygy inisiatiwasynyň ministrler derejesinde maslahatyny geçirer.

Bu topary 2003-nji ýylda Awstriýanyň Içeri işler ministri döretdi we ol Merkezi Aziýanyň serhediniň dolandyrylyşy, howpsuzlygy we neşelere garşy göreş barada duşuşyklar geçirýär.

Bu saparky maslahatda bikanun migrasiýa, neşe gaçakçylygy we korrupsiýa barada hem maslahat ediler.

16-njy aprelde başlanjak konferensiýany Awstriýanyň içeri işler ministri Johanna Mikl-Lisner açar. Onda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew hem çykyş eder diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy habar berdi.
XS
SM
MD
LG