Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gi Mun gözegçiler üçin şert döredilmelidigini aýdýar


Sişenbe güni BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Siriýa baran gözegçileriň erkin hereket edip bilmegi üçin, Siriýanyň hökümetiniň şert döretmelidigini aýtdy.

Alty adamdan ybarat gözegçiler topary ýekşenbe güni Damaska barypdy. Olar geçen penşenbe güni güýje giren ok atyşlygy bes etmek boýunça ylalaşygyň berjaý edilişini synlarlar.

Pan Gi Mun häzir Siriýadaky ok atyşlygy bes etmek boýunça ylalaşygyň “gaty ejizdigini”, emma munuň syýasy gepleşikleri dowam etdirmek üçin zerurdygyny nygtady. Şeýle-de, ol oppozisiýa güýçlerini gepleşiklere gatnaşmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG